BABAGAMMAR – DUTARYŇ PIRI

Türtkmen topragy aýdym-saz sungatyna penakär we hemaýatkär bolan uly pirleriň gezen ýerleri hasaplanýar.

Edil Gorkut Ata we Aşyk Aýdyň pir ýaly türkmeniň saz sungatynyň hemaýatkäri saýylýan dutaryň piri Babagammaryň aramgähi Ýolöten etrabynyň Gammarbaba geňeşliginiň çäginde ýerleşýär.

Babagammar ýazuw çeşmelerinde XIV asyrdan bäri häs mälim bolan, türkmeniň milli saz guraly bolan dutary ilki ýasan adam hasaplanýar.

Murgap derýasynyň ugrunda gadym eýýamlarda bina edilen Gazyklybent bilen Soltanbendiň aralygynda ýaýylyp ýatan giňişlige Babagammaryň gadymy düzlügi diýilmegi ýöne ýerden däl. Çünki bu ýerler gadym döwürlerden bäri Babagammaryň ady bilen tanalypdyr. Babagammaryň aramgähi we adybir gonamçylyk bagşy-sazandalaryň, saz ussalarynyň, halk köpçüliginiň mukaddes saýyp, iň köp zyýarat edýän ýerleriniň biri.

Diňe bir aýdym-saz sungatynda däl, eýsem ähli hünärlerde hem halypalardan pata almak türkmençilikde şowlulygyň we rowaçlygyň iň esasy şerti hasaplanýar. Dutaryň piriniň huzuryna ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan diňe dutarçylar däl, aýdym we saz sungatyna ykballaryny baglan bagşylaram, kompozitorlaram, sazandalaram gelýärler. Olar gezekli gezegine halypalaryň öňünde öz başarnyklaryny görkezýärler, biri-biriniň ukybyny, ýeten derejelerini görýärler. Halypalar bolsa şol ýerde maslahatlaşyp, olaryň käbirlerine öz halypalyk patalaryny berýärler. Şu ýerde, dutaryň Piriniň huzurynda pata almaklyk, bagşy-sazandalar üçin aýratyn uly dereje we mertebe saýylýar.

Aýdym-saz dünýäsine täze girişýän çagalary ata-eneleri bu ýere zyýarata alyp gelip, Gammar babanyň ak patasyna umyt edýärler.

Babagammaryň aramgähiniň ýanynda bu ýeriň keramatyny alamatlandyrýan täsin «Dutar agajy» hem ösüp otyr. Rowaýata görä, Babagammaryň ýasan dutarynyň döwüginden gögeren täsin agaja hem bu ýerde mukaddes zat hökmünde garalýar. Oňa ýerli halkyň arasynda “Dutar gulak” hem diýýärler. Başga ýerlerde duş gelmeýän bu agajyň pyntyklary, şahalary dutaryň kirişlerini çekýän gulaga meňzeş hasaplanýar.