TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY GOLAÝLAÝAR...

Ýurdumyz 2022-nji ýyly garşylamaga taýýarlanýar. Täze ýyl baýramynyň ýakymly howasy bar ýere ýaýraýar. Onuň golaýlaşýandygy hemme ýerde duýulýar. Hatda howa-da ony ýatladýar. Şu ýylyň dekabrynda howa ýokary (+20 gradus maýyldanam ýokary) derejeden sowuga çenli üýtgese-de, Köpetdagyň gerşindäki ak gar, säher wagty bolýan ümürlerdir çisňäp ýagýan ýagyşlar şu gyşda çagalara-da gar oýnamaga umyt döredýär.

Dükanlaryň tekjelerinde kagyz sapaklar, bezeg oýnawaçlar we dürli şarlar, emeli arçalar, geljek ýylyň nyşany – barsyň şekilleri peýda boldy.

Jemgyýetçilik binalarynyň öňünde bir-birinden owadan kaşaň arçalar oturdylýar, şähermiziň köçeleriniň ugrundaky daragtlary dürli öwüşginli çyrajyklar bezeýär, meýdançalardyr seýilgähler şowhunly konsert meýdançalaryna öwrülmäge taýynlanýar.

Welaýatlarda Täze ýyl mynasybetli dabaralar «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň öňünde geçiriler. Olar özboluşly bezegler bilen bezeler. Baýramçylyk çärelerine tanymal sungat ussatlary, artistler, çagalar döredijilik toparlary, şeýle-de, baýramyň baş gahrymanalry – Aýazbaba bilen Garpamyk gatnaşar.

2022-nji ýyly garşylamaga ýokary derejede ähmiýet berilýär. Geçen anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geljekki dabaralarda bagtyýar çagalygyň we ýagşy umytlaryň ýurdy – Türkmenistanyň şu günki ýeten derejesiniň, halkymyzyň eşretli durmuşynyň we ösüp gelýän ýaş nesil baradaky aladanyň beýan edilmelidigine ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda çäreleriň ulular hem-de çagalar üçin ýatdan çykmajak şatlykly wakalara doly bolmalydygy barada tabşyryklar berdi.