ÝANGY GALA – TÜRKMEN KANÝONY

Ýangy gala kanýony Türkmenistanyň owadan ýerleriniň biridir. Ol «Otly gala» diýen many berýär.

Bu özboluşly owadan ýer Balkanabatdan 165 km demirgazykda we Türkmenbaşydan 160 km gündogarda ýerleşýär. Ol ýerli ialtyň hem-de syýahatçylaryň arasynda meşhurlyga eýedir. Kert gaýadaky darajyk köwe çykyp, aklyňy haýran edýän görnüşe bakyp gözüň doýmaýar.

Ýangy gala ençeme asyr mundan ozal tebigatyň gyzyl, ak, sary we narynç öwüşginlerden ýasan äpet we mäkäm galasyny ýada salýar. Onuň reňkleriniň arasynda gyzyl reňk agdyklyk edensoň ýerli ilat oňa Gyzyldag diýýär. Gadym döwürlerde kanýona Garabogaz kölüniň suwy gelipdir, şonuň üçin hem işi şowlan syýahatçylara bu ýerde balykgulaklar we birgeňsi şekilli reňkli daşlar gabat gelýär. Ýangy galany görmek miýesser edenler bu ýerde ençeme gezek ýaňlanýan owadan ýaňy uzak wagt ýatlap gezýärler.