HALKYMYZYŇ BÄHBIDI

Bu pikir hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary hem-de Lebap welaýatlarynda nebitgaz toplumynyň dürli düzümleriniň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatlarynyň esasy özenini düzdi. Şol maslahatlarda «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» kesgitlenilen wezipeleriň ýerine ýetirilişiniň barşyna giňişleýin seljerme berildi. Tebigy gazyň gazylyp alnyşynyň mukdaryny, nebiti we gazy gaýtadan işlemek arkaly öndürilýän önümleriň möçberini artdyryp, görnüşlerini köpeltmek, tehnologik innowasiýalary, ylmyň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň gazananlaryny ýangyç-energetika toplumyna ornaşdyrmak bilen baglanyşykly giň gerimli meseleleriň çözülmegi, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň bähbidine gönükdirilendir.

Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz içerki sarp edijiler üçin tebigy gazyň senagat taýdan gaýtadan işlenilmegini üpjün etmegi ýangyç-energetika toplumynyň esasy wezipeleriniň biri hökmünde kesgitledi. Çünki gaz diňe bir ýokary hilli we ygtybarly energiýa çeşmesi bolman, eýsem senagat üçin örän gymmatly hem-de möhüm çig maldyr. Ondan alynýan polietilen, polipropilen dürli önümleri, şol sanda halylary we dökünleri, şeýle hem ekologiýa taýdan arassa awtoulag we awiasiýa ýangyjyny taýýarlamakda giňden ulanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň is maslahatynda nygtaýşy ýaly, örän gysga taryhy döwürde türkmen tebigy gazynyň dünýä bazarlaryna çykarylmagyny diwersifikasiýalaşdyrmak, dünýäniň birnäçe döwletleri hem-de iri kompaniýalary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak, dünýä ähmiýetli möhüm taslamalary durmuşa geçirmek boýunça ägirt uly işler ýerine ýetirildi.

Türkmenistanyň we Hytaýyň gaz ulgamynda iki tarapada bähbitli bolan köpýyllyk hyzmatdaşlyk özara peýda getirýär. Bu bolsa iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelmek bilen birlikde, öz üstünden iki ýurdy birleşdirýän transmilli gaz geçirijisi geçýän döwletleriň durnukly ösüşini üpjün etmekde wajyp orny eýeleýär. 2009-njy ýylda gaz geçirijiniň ulanmaga berlen pursatyndan başlap, Hytaýa 320 milliard kubmetrden gowrak türkmen gazy iberildi. Diňe 2021-nji ýylda Türkmenistandan Hytaýa 34 milliard kubmetre golaý tebigy gaz ugradyldy.

2021-nji ýylda Russiýanyň “Gazprom”-y bilen gaz babatda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi hem-de 28-nji noýabrda Türkmenistanyň, Eýranyň we Azerbaýjanyň arasynda Aşgabatda gol çekilen möhletsiz üçtaraplaýyn Ylalaşyk boýunça türkmen tebigy gazynyň iberilmäge başlanmagy dünýäniň energetika bazarynda Türkmenistanyň eýeleýän ornunyň pugtalanýandygyna şaýatlyk edýär.