RSS

SOŇKY HABARLAR

31 Mar

TÜRKMENISTANYŇ KOREÝA RESPUBLIKASYNDAKY MEDENIÝET GÜNLERI TAMAMLANDY

2023-nji ýylyň 30-njy martynda Seuldaky Hankuk Daşary ýurt dilleri uniwersitetinde Türkmenistanyň medeni-ylmy çäreleri dowam etdi. Bu medeni çäreleriň maksatnamasyna türkmen suratkeşleriniň çykyşlary, şeýle hem koreý dilinde “At-myrat” atly ahalteke atlaryna bagyşlanan türkmen filminiň görkezilişi boldy. Mundan başga-da, uniwersitetiň foýesynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň portretleri we kitaplary, sungat eserleri we Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklary görkezilen sergi...

DOWAMY
30 Mar

TÜRKMENISTANDA POLŞA RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY

2023-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Polşa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rafal Poborskiden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady. Polşanyň Prezident Serdar Berdimuhamedowa Polşa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna aýdan...

DOWAMY
30 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ WEZIPESINI ÝERINE ÝETIRIJINI KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 29-njy martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ý. ý. Bahtiýor Saidowy kabul etdi. Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň salamyny hem-de ähli türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunuň bilen baglylykda, goňşy döwletde doganl...

DOWAMY
29 Mar

TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDAKY GEŇEŞMELER BARADA

2023-nji ýylyň 29-njy martynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Taraplaryň wekiliýetlerine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşit Meredow we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi Bahtiýor Saidow ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi, şol sanda öň ýetilen ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi bilen bir...

DOWAMY
29 Mar

KOREÝA RESPUBLIKASYNDA TÜRKMENISTANYŇ MEDENI WE YLMY ÇÄRELERIŇ TOPLUMY BAŞLANDY

2023-nji ýylyň 29-31-nji mart aralygynda Koreýanyň Seul we Uejeongbu şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Bu çärelere Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de ýurdymyzyň degişli wekilleri, şol sanda  sungat ussatlary, alymlar, ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşmak üçin Koreýada saparda bolýarlar. 2023-nji ýylyň 29-njy martynda Seulyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň aç...

DOWAMY
29 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BRIFING GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Arkadag şäherine, bu taslamanyň Türkmenistan üçin uly ähmiýetine hem-de ony durmuşa geçirmegiň halkara ugurlaryna bagyşlanan brifing geçirildi.  Duşuşyga daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň, milli hem-de daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň belleýşi ýaly, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň hem-de özygtyý...

DOWAMY
29 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YSRAÝYL DÖWLETINIŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistanda wezipä täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ismail Haldini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Ilçi Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti Ishak Gersogyň we Premýer-ministr Benýamin Netanýahunyň mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Ysraýyl Döwletiniň ýokary dere...

DOWAMY