RSS

SOŇKY HABARLAR

12 Few

SPANBOND MATALARYNYŇ ÖNÜMÇILIGI ARTÝAR

?Garagum» hojalyk jemgyýeti dokalmaýan matanyň täze görnüşini – spanbond mata çykarmagy özleşdirýär. Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda telekeçiler bu matanyň görnüşiniň ýylda 2500 tonnasyny öndürýän zawodyny gurdular. Häzir kärhanada enjamlary sazlama işleri alnyp barylýar. Dokalmaýan matany öndürmek üçin çig mal hökmünde ýurdumyzda öndürilýän polipropilen ýaly süýüm emele getirýän polimerler ulanylar. Matalardaky bu süýümler dokmaçylyk usulyny ulanmazdan, aýratyn usul bilen özara bagla...

DOWAMY
11 Few

TÜRKMEN PAÝTAGTYNDA TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň saýlanan agzalary, Mejlisiň deputatlary, döwlet häkimiýet edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň häkimleri, halkyň hormatly ýaşululary, ilatyň ähli gatlaklarynyň wekilleri gatnaşdylar....

DOWAMY
11 Few

DUTAR – YLHAM ÇEŞMESI!

Şeýle at bilen dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine bagyşlanan ýaş suratkeşleriň sergisi geçirildi. Bu sergi şekillendiriş sungatynyň sergi merkezine gelenleri çeper döredijilik arkaly aýdym-sazyň jadyly älemine alyp barýar. Serginiň açylyş dabarasyna halk aýdymlaryny ýerine ýetirýän ýaş bagşy-sazandalaryň gatnaşmagy bu ýere ýygnananlar üçin ajaýyp sowgat boldy. Sergide Bäşim Nu...

DOWAMY
11 Few

TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ ADATDAN DAŞARY MEJLISI ÖZ IŞINE BAŞLADY

Şu gün, 11-nji fewralda ýurdumyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň adatdan daşary mejlisi öz işine başlady. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy – hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow başlyklyk edýär. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň öň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň parlamentiniň ýokary palatasynyň nobatdan daşary mejlisi sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilýär.  Mejlisde...

DOWAMY
9 Few

KHBS ÜÇIN HABAR

Şu gün, 9-njy fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ysraýyl Döwletiniň Syýahatçylyk ministri Ýoel Razwozow bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys ugurlaryny, hususan hem ykdysady we ynsanperwer häsiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Lukmançylyk we saglygy goraýyş, oba hojalygy, kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegi, tehnologiýa we ylym, şonuň ýaly-da syýahatçylyk we bilim ýaly ugurlarda özara gatnaşyklary h...

DOWAMY
9 Few

SAÝLAMA TOHUMLAR – ÝOKARY HASYLYŇ GIREWI

Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň М.Hojamammedow geňeşliginde ýerleşýän şaly arassalaýan kärhananyň hünärmenleri welaýatyň şaly ekýän hojalyklary üçin ýokary hilli tohum taýýarlamaga girişdiler. Işiň ähli tapgyry, şol sanda dänäni saýlamak, arassalamak we işlemek boýunça tehnologik amallary dünýä belli «Satake» firmasynyň enjamlarynda ýerine ýetirilýär. Şeýle taýýarlanan ýokary hilli tohumlar ekişi takyk geçirmegi üpjün edýär, gowy gögerýär, öz wagtynda gyradeň ýetişip, ýokary hasyl...

DOWAMY
7 Few

KHBS ÜÇIN HABAR

Şu gün, 2022-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň hem-de Gazagystanyň Daşary işler ministri M.B.Tleuberdiniň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi. Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň çygrynda, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy bilen bagly bolan meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şu nukdaýnazardan, tarapl...

DOWAMY