SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ ÖZBEGISTANYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY
2023-nji ýylyň 4-nji awgustynda Aşgabadyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza üçtaraplaýyn sammite gatnaşmak üçin gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz belent mertebeli myhmany mähirli garşylap, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň doganlyk Türkmenistana gelmek hakyndaky çakylygyny kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Ha...
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýasynda birnäçe möhüm başlangyçlary hödürlär
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2023-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde öz işine başlajak 78-nji sessiýasynda birnäçe möhüm başlangyçlary hödürlär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynyň taýýarlanylyşy barada Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow hasabat berdi. Şu ýyl türkmen tarapy Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek bilen bagly başlangyjy öňe sürmegi göz öňünde tutýar....
TÜRKMENISTAN BILEN HHR-IŇ ARASYNDA STRATEGIKI HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 31-nji iýulynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň agzasy, Sinhaý prowinsiýa komitetiniň sekretary Çen Ganyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-hytaý hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň okgunly ösýändi...
TÜRKMENISTANYŇ HAZAR DEŇZINIŇ MESELELERI BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň çäklerinde Toparyň şu ýylyň birinji ýarymynda alyp baran işleriniň netijeleri a...
Ilçi M.Aýazow Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Wise-prezidenti bilen duşuşdy
2023-nji ýylyň 28-nji iýulynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Aýazow bilen Ermenistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň Wise-prezidenti Karen Iwanowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda K.Iwanow Ilçini Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň işgärleriniň Türkmenistana ýakynda amala aşyran iş saparynyň netijeleri bilen tanyşdyrdy. Ol bu iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýardam bermegi...
TÜRKMENISTANYŇ, TÄJIGISTANYŇ WE ÖZBEGISTANYŇ DAŞARY SYÝASY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ GEPLEŞIKLERI GEÇIRILD
Şu gün, 2023-nji ýylyň 26-njy iýulynda, wideoaragatnaşyk görnüşinde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň, Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri S.Muhriddiniň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri B.Saidowyň arasynda geňeşmeler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň şu ýylyň awgust aýynyň başynda Aşgabatda geçiriljek Sammitine taýýarlyk görmek we geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy....
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE GERMAN YKDYSADYÝETINIŇ GÜNDOGAR KOMITETINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN HYZMATDAŞLYK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 25-nji iýulynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistana sapar bilen gelen German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Baş direktory Mihael Harms bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar, şunuň bilen bilelikde, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşinde oňyn netijeler nygtaldy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk ösdürmekd...