img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ERMENISTAN RESPUBLIKASY - ÝEREWAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
26 Apr

ITALIÝANYŇ EXPO-2030 GEÇIRMEKLIGE DALAŞGÄRLIK KOMITETINIŇ ÝÖRITE ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Şu gün, 2023-nji ýylyň 26-njy aprelinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Italiýa Respublikasynyň EXPO-2030 geçirmeklige dalaşgärlik komitetiniň Ýörite Ilçisi Romeo Orlandi bilen duşuşygy gecirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada durup geçdiler. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ikitaraplaýyn görnüşde...

DOWAMY
pic
25 Apr

ABŞ-DA TÜRKMEN-AMERIKAN SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 24-nji aprelinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentinde Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda her ýyl geçirilýän ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň dokuzynjy tapgyry geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, amerikan tarapyna bolsa ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji Elizabet Horst ýolbaşçylyk etdiler. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn maslahatlaşmalaryň bilel...

DOWAMY
pic
24 Apr

Bosgunlary goldamak boýunça tagallalary güýçlendirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň (BMG ÝKM) Merkezi Aziýa boýunça wekili Hans Fridrih Şödder bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada ýurdumuzyň migrasiýa gullugynyň resmi web-saýtynda habar berilýär. Duşuşygyň dowamynda taraplar ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen alyp barýan gatnaşyklarynyň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyp, olaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alnyp maslahatlaşd...

DOWAMY
pic
24 Apr

ABŞ-NYŇ ÝARAGLY GÜÝÇLERINIŇ MERKEZI SERKERDELIGINIŇ BAŞ SERKERDESI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

Şu gün, 2023-nji ýylyň 24-nji aprelinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew bilen ABŞ-nyň Ýaragly Güýçleriniň Merkezi serkerdeliginiň Baş serkerdesi general Maýkl Kurillanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar howpsuzlyk we sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň dowamynda sebitdäki we Owganystandaky ýagdaý barada özara pikir alyşyldy. Ýyllyk hyzmatdaşlyk maksatnamanyň...

DOWAMY
pic
24 Apr

GAR-da geçirilýän dünýä çempionatynda Türkmenistanyň hokkeýçileri tailandlylardan üstün çykdylar

?A» toparçanyň üçünji diwizionynda Keýptaunda geçirilýän dünýä çempionatynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hokkeýçileri üçünji tapgyrda Tailandyň toparyny 6:3 hasabynda ýeňip, ikinji ýeňiş gazandy. Bu olaryň dünýä çempionatynda ilkinji duşuşygydy. Şu oýundan öň toparlar bir gezek ýeňiş gazanyp hem bir ýeňlişe sezewar bolup, ýaryşda goňşy orun eýeleýärdiler. Tailandlylar birinji tapgyrda Taýwanyň ýygyndysyndan 2:11 hasabynda utulyp, ikinji tapgyrda Lýuksemburgy toparyny 10:2 hasabynda ý...

DOWAMY
pic
22 Apr

SUW SERIŞDELERINIŇ NETIJELI PEÝDALANYLMAGY BARADA YLMY MASLAHAT GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Howanyň üýtgemeginiň çygrynda suw serişdeleriniň rejeli peýdalanmagy» atly ylmy maslahat geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň, beýleki degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzda akkreditirlenen daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleri...

DOWAMY
pic
22 Apr

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YSRAÝYL DÖWLETINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Daşary işler ministri Eli Koeni kabul etdi. Myhman Türkmen döwletiniň Baştutanyna Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti Ishak Gersogyň we Premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidenti, öz gezeginde, Ysraýyl Döwletiniň ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Türkmenistanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, Ysraýylyň daşar...

DOWAMY