SOŇKY HABARLAR
AKPATLAWUK – TEBIGATYŇ ÝADYGÄRLIGI
Türkmenistanyň Günorta-Günbatarynda Günorta-Hazar çöketligi diýilýän ýerde Zemindäki iň işjeň we uly patlawuklaryň biri Akpatlawuk bar. Boýy segsen metr töweregi gyralary gädik-gädik depe gözelligi bilen özüne maýyl edýär. Baýra çykyp, töwerege nazar salsaň, güýçli läbik patlawugynyň döreden owadan gümmez kysmy depeleri göze ilýär. Şol gümmeziň merkezinde ini ýüz elli metre golaý gaz-läbikli, çeşmeli krater köli bar. Magma hemişe gaýnap dursa-da, ol sowukdyr; muňa gaýnap duran patlawuga eli b...
HAZAR DEŇZINDÄKI «DOSTLUK» ÝATAGY HAKYNDAKY YLALAŞYGYŇ IŞLENILIP TAÝÝARLANYLMAGY HEM-DE YLALAŞYLMAGY BOÝUNÇA BILELIKDÄKI IŞ TOPARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
Şu gün, 27-nji ýanwarda «Hazar deňizdäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygyň» taslamasyny işläp taýýarlamak we ylalaşmak boýunça Bilelikdäki Iş toparynyň dördünji mejlisi geçirildi. Onlaýn görnüşinde geçirilen duşuşyga Iş toparynyň türkmen we azerbaýjan taraplarynyň agzalary gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda Iş toparynyň bilelikdäki başly...
GELJEGI NAZARLAÝAN «ÝAŞYL» YKDYSADYÝET
Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň çäginde energiýanyň dikeldilýän çeşmelerinde, ýagny gün we ýel energiýasyanyň hasabyna işleýän, umumy kuwwatllylgy 10 megawat ýurtda ilkinji elektrik bekedi gurlar. Desga ekologiýa taýdan arassa elektrik energiýasyny öndürmek bilen, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereginde peýda boljak ilatly ýerlerde sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün eder. 2019-njy ýylyň aprel aýynda tassyklanan «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini 2019 —...
KHBS ÜÇIN HABAR
Şu gün, 2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Aleksandr Blohiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň DIM-leriniň derejesinde s...
TÜRKMENBAŞYDAKY NEBITI GAÝTADAN IŞLEÝÄN ZAWODLAR TOPLUMYNYŇ ÖNÜMLERI DAŞARY ÝURTLY ALYJYLARDA ULY GYZYKLANMA DÖREDÝÄR
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň, Germaniýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar we yşyklandyryş kerosinini, polipropileni, ýangyç mazudyny, nebit koksuny, bitumyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Se...
AŞGABATDA MOWZUKLAÝYN HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT WE SERGI GEÇIRILÝÄR
2022-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça guralan “Türkmen topragy — dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy” atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen forumyň açylyş dabarasyna we umumy mejlisine Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ylym-bilim ulgamynyň...
TÜRKMENISTAN HALKARA MALIÝE GURAMALARY BILEN HYZMATDAŞLYKDA DEŇIZ ULAGLARYNY ÖSDÜRMEGIŇ TASLAMASYNY AMALA AŞYRAR
Türkmenistan deňiz ulaglaryny ösdürmegiň taslamasyny amala aşyrmagy göz öňünde tutýar, ol Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda ýerleşýän «Balkan» gämi gurluşyk we gami abatlaýyş zawodynda üç gämi gurmagy göz öňünde tutýar. Taslama Ýewropa-Kawkaz-Aziýa ulag geçelgesiniň bir bölegi bolan Hazar deňzinde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen deňiz ulag işleriniň amallarynyň geçirijilik ukyplylygyny we netijeliligini ýokarlandyrmagy şeýle hem ýurdumyzyň gämi gurluşyk mümkinçiligini ösdürmegi ma...