SOŇKY HABARLAR
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Azerbaýjanyň telekeçileri nah ýüplügi, tekiz reňklenen we tüýjümek žakkard önümleri satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 6 million 224 müň dollaryndan gowrak boldy. Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe, Ermenistan, Hindistan, Pakistan döwletleriniň işewürlerine nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň bahasy 9 mill...
TÜRKMENISTANYŇ WE MIGRASIÝA BOÝUNÇA HALKARA GURAMASYNYŇ ÖZARA HEREKETLERINIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 2-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy, guramanyň Gazagystandaky, Gyrgyzystandaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçysy Zeýnal Gajiýew bilen onlaýn görnüşinde duşuşygy geçirildi. Işjeň söhbetdeşligiň barşynda taraplar ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändiklerini ýene-de bir g...
TÜRKMEN HALYLARY ADAMZADYŇ MEDENI MIRASYNYŇ MERJENIDIR
Şu gün tutuş ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden dabaralandyrylýan şanly sene — Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli giň möçberli çäreler guraldy. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesi dabaralandyrylýar. Hut şu ýyl özüniň 140 ýyllyk senesini bellän ak mermerli paýtagtymyzda esasy baýramçylyk dabaralary boldy. Şeýle hem ýurdumyzyň baş şäherinde Türkmen halyşynaslarynyň bütindün...
YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-ÝAPON KOMITETINIŇ BAŞLYKLARYNYŇ DUŞUŞYGY
2021-nji ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň türkmen böleginiň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň ýapon böleginiň başlygy, Ýaponiýanyň «Itochu Corporation» kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Tsubai bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda...
TÜRKMENISTANYŇ ERMENISTAN RESPUBLIKASYNDAKY ILÇIHANASY WELOSIPED GÜNÜNE BAGYŞLAP WELOSIPED ÝÖRIŞINI GURNADY
2021-nji ýylyň 30-njy maýynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasy BMG-nyň Ermenistan Respublikasyndaky wekilhanasy we Welosiped halkara federasiýasy bilen bilelikde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlap welosiped ýörişi geçirildi. Bu çärä Ermenistan Respublikasynda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary we diplomatlary, Welosiped federasiýasynyň agzalary, şäher ilaty we welosiped höwesjeňleri gatnaşdylar. 3-nji iýunda bellenilýän Bütindü...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI «MIR» DÖWLETARA TELERADIOKOMPANIÝASYNYŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY
2021-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow «Mir» Döwletara teleradiokompaniýasynyň Başlygy R.Batyrşin bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar KHBS ugry boýunça maglumat alyş-çalşygy we özara hereketleriň ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berdiler. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurduň maglumat syýasatynyň ösüşine aýratyn üns berýändigi nygtaldy. Şu nukdaýnazardan «Mir» DTRK Türkmenistanyň işjeň hem ynamdar hyzmatdaşy bolup durýar. Uzak möh...
CENTRAL ASIAN JOURNALISTS PARTICIPATE IN THE INTERNATIONAL BIODIVERSITY CONTEST
The EU-Central Asia Environment, Climate Change and Water Cooperation (WECOOP), funded by the European Union launches contest among Central Asian journalists «Restoring biodiversity – our shared responsibility». As a result of the contest, 6 winners will be selected (one I prize, two II prizes, three III prizes). The winners will take part in a study tour to the Kyrgyz Republic to learn about the practices of conservation and restoration of biodiversity. To participate in the contest, the...