SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI YHG-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ OWGANYSTAN BOÝUNÇA MEJLISINE GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Pakistanyň paýtagty Yslamabat şäherinde «Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlary» mowzugy boýunça Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisi geçirildi, onuň işine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy. Öz çykyşynda türkmen tarapy owgan halkyna ynsanperwer goldawyny bermegiň aýratyn ähmiýetini belläp geçdi. Şu nukdaýnazardan, Türkmeni...
TÜRKMEN INSTITUTY DÜNÝÄ REÝTINGINE GIRDI
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyna hoş habar gelip gowuşdy. Bu ýokary okuw jaýy ilkinji gezek «UI Green Metric World University Ranking 2021» dünýä reýtingine girdi. «UI Green Metric World University Ranking» uniwersitetleriň ekologik infrastrukturany gowulandyrmaga we daşky gurşawy goramak pudagynda durnukly ösüşe ýardam etmäge sadyklygyny ölçeýän ýyllyk global reýtingidir. Ol 2010-njy ýyldan bäri Indoneziýa uniwersiteti tarapyndan düzülýär. Birinji reýtinge 96 un...
TÜRKMENISTANYŇ WE HINDISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY
19-njy dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistanyň Daşary işler ministri Subrahmaniýam Jaýşankar bilen gepleşik geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary döwletara gatnaşyklar we sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri barada pikir alyşdylar. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda döwletara gatnaşyklaryň ösüşiniň yzygider depgini nygtaldy. Energetika pudagy iki ýurduň arasynd...
TEBIGY GÖZELLIKLERIŇ MESGENI
Şanly ösüşleri, taryhy ähmiýetli özgerişleri başdan geçirýän Türkmenistan Diýarymyzyň her bir sebitiniň göreni haýran galdyrýan, özüne mahsus özboluşly tebigat gözellikleri bar. Ata Watanymyzyň haýwanat we ösümlik dünýäsiniň baýlygy, ajaýyplygy bilen tapawutlanýan şeýle jenneti künjekleriň biri-de Balkan welaýatynyň «Hazar» döwlet tebigy goraghanasydyr. Onuň alyslara ýaýylyp ýatan çäginiň umumy tutýan meýdany 268 müň gektara golaýdyr. Goraghananyň iň uly bölegi bolan «Hazar» meýdançasy ýalpak...
«HINDISTAN - MERKEZI AZIÝA» DIALOGYNYŇ MEJLISINIŇ ÇÄKLERINDE TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «DIALOG — PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI» BAŞLANGYJYNYŇ DERWAÝYSLYGY NYGTALDY
2021-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Hindistanyň paýtagty Nýu-Deli şäherinde «Hindistan - Merkezi Aziýa» Dialogynyň 3-nji mejlisi geçirildi. Forumyň çäklerinde eden çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow «Hindistan - Merkezi Aziýa» Dialogynyň hereketiniň has hem kämilleşdirilmeginiň zerurlygyny nygtady. Hususan hem, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Hindistan bilen syýasy ugurly özara hereketleriniň täze formatynyň ygtybarly institusional esaslarynyň döredilmegine gönükdirilen taky...
DUTARYŇ OWAZY HALKYŇ RUHY MUKAMY
Türkmen halkyna däp bolan aýdym-sazlary gadymdan bäri bagşy-sazandalar döredip gelipdirler. Halk arasynda iň meşhur saz guraly bolan dutar solo, ansambl we bagşy kowýan saz guraly hökmünde ulanylýar. Ussat bagşynyň elinde bu, ilki göräýeňde, ýönekeý, iki tarly armut şekilli çalynýan gural bolup, ynsan kalbynyň duýgularyny doly beýan edýär. Türkmen üçin dutaryň owazy elmydama halk kalbynyň mukamy, ruhy dünýäsiniň sesi, ene topragynyň çagyryşy kimin ýaňlanypdyr. Olar özlerini kä ümmülmez sähra, kä...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI «HINDISTAN – MERKEZI AZIÝA» DIALOGYNYŇ MINISTRLER DEREJESINDÄKI DUŞUŞYGA GATNAŞDY
Şu gün, 19-njy dekabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Nýu-Delide (Hindistan) geçirilen «Hindistan – Merkezi Aziýa» Dialogynyň ministrler derejesindäki üçünji duşuşygynyň işine gatnaşdy. Duşuşyga Hindistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleri gatnaşdylar. Duşuşygyň barşy...