img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ERMENISTAN RESPUBLIKASY - ÝEREWAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
21 Okt

NAMAZGADEPÄNIŇ BELENT BAÝRY

Kaka şäheriniň golaýyndaky düzlükde ýerleşýän, Köpetdagyň etegindäki belli arheologiýa ýadygärlikleri — Namazgadepe bilen Abiwerdiň arasy iki kilometre-de ýetenok. Ýöne olaryň arasynda iki müň ýyldan gowrak taryhy döwür ýatyr. VII asyrda bu ýerde Abiwerd atly iri orta asyr şäheri dörände meýdany elli gektardan gowrak, beýikligi 20 metrden geçýän beýik depesi bolan gadymy şäherden ne at, ne nyşan galypdyr. Häzirem ol alysdan seleňläp dur. Namazga Günorta Türkmenistanda mis-daş eýýamynyň iň iri...

DOWAMY
pic
21 Okt

«TÜRKMENISTAN-ÝEWROPA BILELEŞIGI» BILELIKDÄKI KOMITETINIŇ 20-NJI DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki Komitetiniň ýigriminji mejlisi göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Mejlise türkmen tarapyndan Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň, şol sanda maliýe we ykdysadyýet, daşary işler, bilim, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak, energetika, zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, Döwlet,...

DOWAMY
pic
21 Okt

TOPRAGY MES ABIWERD

Abiwerd Demirgazyk Horasanyň esasy merkezleriniň biri bolupdyr. Şäheri ilat diňe bir beýik gallary bilen däl, eýsem çuň garym bilenem göçegçileriň hüjüminden gorapdyr. Arheolog Ýegen Atagarryýewiň pikirine görä, Merwden Nusaýa we Horezmden Persiýa gidýän söwda ýolunyň çatrygynda ýerleşmegi şäheriň ösmegine ýardam edipdir. Galyberse-de, Abiwerdiň çöle golýa bolmagy oňa senetçilik önümlerini satyp, maldarçylyk önümlerini-de satyn almagyna ýardam edipdir. Arap we pars orta asyrlar awtorlaryny...

DOWAMY
pic
21 Okt

TÜRKMENISTANYŇ SSE-NYŇ HEM-DE ŞWEÝSARIÝA KONFEDERASIÝASYNYŇ-GDA-NYŇ/GRUZIÝANYŇ BIRLEŞEN SÖWDA EDARASYNYŇ ARASYNDA IŞEWÜRLIK-FORUMY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky Ilçihanasynyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň (TSSE) hem-de Şweýsariýa Konfederasiýasynyň-GDA-nyň/Gruziýanyň Birleşen söwda edarasynyň (BSE) arasynda göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly işewürlik-forumy guraldy. Türkmen tarapyndan forumyň işine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, şeýle-de...

DOWAMY
pic
21 Okt

ERKGALA MERWIŇ IŇ GADYMY GALASYDYR

Gadymy Merw ady bilen tanalýan arheologiýa ýadygärlikleri Marydan 30 kilometr gündogarda, Murgap derýasynyň jülgesinde ummasyz ýerinde ýerleşýär. Binalarynyň köp bölegi ýykylan diwarlary bolan şäherleriň her biri öz döwründe: Erkgala miladydan öňki VI asyrda, Gäwürgala miladynyň III asyrynda, Gyzgala VI, Soltangala XI, Abdylla han gala XV asyrda pajarlap ösüpdir. Erkgala barada tanymal arheolog Wadim Mihaýlowiç Masson: «Soňy bilen Parfiýa Merwiniň daýanjy bolan Erkgala şäheri 16 gektar meý...

DOWAMY
pic
21 Okt

8-NJI TÜRKMEN-RUS YKDYSADY FORUMY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Söwda-senagat edaralarynyň guramagynda 8-nji Türkmen-rus ykdysady forumy göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Nobatdaky işewürlik duşuşygynyň gün tertibine senagat hyzmatdaşlygynyň, iki ýurduň kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň eksport hem-de maýa goýum mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň, gurluşyk önümçiligi we agrosenagat toplumynyň gaýtadan işleýän pudaklary, sanly tehnologiýalar we logistika ýaly ulgamlar...

DOWAMY
pic
20 Okt

IL-ARSLANYŇ ARAMGÄHI ORTA ASYR BINAGÄRLIGINIŇ AJAÝYP ÝADYGÄRLIGIDIR

Horezmiň iň meşhur şasy Il-Arslanyň guburynyň üstüne galdyrylan aramgäh gadymy Horezmiň paýtagty Ürgençde saklanyp galan iň gadymy binadyr. Horezmiň şasy Täç-ed-din Il-Arslan gelip çykyşy boýunça bekdili taýpasyndandyr. Ol kakasy Ala ad-din Atsyz ölenden soň Horezmde tagta çykyp, 1156-njy ýyldan 1172-nji ýyllar aralygynda döwleti dolandyrypdyr. 1160-njy ýyllarda Il-Arslan Horezm döwletine Dehistany we onuň eteklerini birikdiripdir. 1172-nji ýylda Horezm şasynyň goşuny garahytaýlaryň Horezme ý...

DOWAMY