img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ERMENISTAN RESPUBLIKASY - ÝEREWAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
14 Okt

TÜRKMENISTAN TEBIGY GAZYŇ ÇYKARYLYŞYNY WE EKSPORTYNY ARTDYRDY

2021-nji ýylyň sekiz aýynda Türkmenistanda çykarylan tebigy we ugurdaş gazyň möçberi 55 milliard kub metrden aşdy. Bu bolsa geçen ýylyň şu döwründäkiden 10,4 milliard kub metr köpdür. Tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak köp derejede dünýä bazarlarynda “mawy ýangyja” bolan islegiň artmagy bilen baglanyşyklydyr. Mysal üçin, Türkmenistan 31 milliard kub metr gazy ýurt daşyna çykarýardy, bu bolsa 2020-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlaryndakydan 8,3 milliard kub metr köpdür. Türkmen gazynyň esasy al...

DOWAMY
pic
14 Okt

HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ BAŞLYGYNYŇ TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINE ÝAZAN HATY GELIP GOWUŞDY

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna iberen hatynda, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Döwlet Baştutanyny BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna gatnaşmaga çagyrýar. "2021-nji ýylyň 14-16-njy oktýabry aralygynda gibrid görnüşinde Pekin şäherinde HHR-iň hökümeti “Durnukly ulag ulgamy, durnukly ösüş” atly Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyny guraýar. Maslahatyň açylyş dabarasy 14-nji...

DOWAMY
pic
14 Okt

GÜMRÜK HABARLARY: TÜRKMEN GÖK-MIWE ÖNÜMLERI GOŇŞY DÖWLETLERE EKSPORT EDILÝÄR

Türkmenistanda ýetişdirilýän gök we miwe önümleri goňşy döwletlere eksport edilýär. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň metbugat gullugynyň habaryna görä, «Arzuwly tutum» daýhan hojalygy şu ýyl Russiýa Federasiýasyna 27 tonna üzüm, Gazagystana – 20 tonna gawun we 20 tonna sogan ugratdy. Gök önümler Daşoguz welaýatynda hususy telekeçi Maksat Gurbandurdyýewiň kärendä alan ýerinde ýetişdirildi. Telekeçi gazagystanly hyzmatdaşlaryna ýene-de bakja önümlerini ibermegi niýet edinýär. «Pess...

DOWAMY
pic
14 Okt

ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI ÖZÜNIŇ YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2021-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ruben Harazýan bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de dürli derejede ikitaraplaýyn duşuşyklary guramagyň wajyplygyny bellediler. Duşuşygyň barşynda Ermenistan Respublikas...

DOWAMY
pic
14 Okt

MÜŞDERI SANAWY UZAÝAR

Köneürgenç etrabynda ýerleşen pagta-egirme fabriginiň öndürýän ýokary hilli ýüplügini alýan daşary ýurtly müşderileriň sanawy barha uzaýar. Şu ýyl olaryň hataryna ilkinji gezek Hytaý hem girdi. Bu kärhananyň önümine, adatça birnäçe Ýewropa we käbir Arap ýurtlaryndan bolan alyjylar isleg bildirýärler. Çig mal biržasynda baglanyşylýan ähtnamalaryň şertlerine laýyklykda her ýyl fabrik özüniň öndürýän pagta ýüplüginiň takmynan 70 göterimini daşary ýurtlara satýar. Muňa şu ýerde öndürilýän önümiň ýok...

DOWAMY
pic
13 Okt

TÜRKMENISTANYŇ BMG-NIŇ TERRORÇYLYGA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA MÜDIRLIGI BILEN BILELIKDÄKI IŞLERINIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 13-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Wladimir Woronkow bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky giň gerimli strategiki hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýetini belläp geçdiler. Bu ugurda türkmen tarapy BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirligi bilen alnyp barylýan...

DOWAMY
pic
13 Okt

MÄŞ ÝYGYMY DOWAM EDÝÄR

Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda mäş ýygymy dowam edýär. Şu ýyl ol güýzlik galladan soň aralyk ekin hökmünde ekildi. Şu günler meýdanlardan ýygnalýan hasyl «Daşoguzgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň kabul ediş nokatlaryna tabşyrylýar. 550 gektar meýdanynda mäş ekilen Könürgenç etraby ýygymda öňde barýar. 700 gektara bu kösükli ekini eken S.Türkmenbaşy etrabynyň babadaýhanlary sebitiň beýleki etraplaryna garanda bol hasyl almagy göz öňünde tutýarlar. Ýygnalan mäş barlaghanalarda berk gözegçi...

DOWAMY