RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
9 Maý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HHR-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Şu gün, 9-njy maýda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň HHR-nyň daşary işler ministriniň orunbasary Le Ýuýçen bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. 2021-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen HHR-nyň Baştutany Si Szinpiniň arasynda bolan telefon arka...

DOWAMY
pic
8 Maý

ÝAZGÜL ŞAMYRADOWA: ILKINJI TÜRKMEN ZENAN KINOREŽISSÝORY

Ol kinorežissýor bolan ilkinji türkmen zenanydy. “Internetden köp zat tapmak bolýar” diýseler-de, onda Ýazgül Şamyradowa barada bir-iki oýnam setir bar. Eýsem-de bolsa, belli kinorežissýor Mark Donskoý bilen baglanyşykly habarlarda biraz köpräk maglumatyň bardygy bizi begendirdi: “Ilkinji türkmen zenan kinorežissýory. Filmlere türkmen dilinde ses beriş režissýory bolup işledi. “Çapaýew”, “Lenin 1918-nji ýylda”, “Borsk asmanynyň bulutlary”, “Oktýabr günlerinde”, “Şeýle ýigit bar”, “Göterilen t...

DOWAMY
pic
8 Maý

MALAÝZIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK

2021-nji ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurtda özüniň diplomatik işini tamamlaýan Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rozli bin Abdul bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Türkmen tarapy türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ösüşine goşan şahsy goşandy üçin Ilçi Rozli bin Abdul...

DOWAMY
pic
7 Maý

TÜRKMENISTAN – ADAMZADYŇ MADDY DÄL MEDENI MIRASYNYŇ SANAWYNDA «KÜŞTDEPDI»

Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyndaky Türkmenistan bilen baglanyşykly däp-dessurlar hakdaky öňki makalalarymyzda bu sanawa “Görogly” eposynyň we Nowruz bahar baýramynyň goşulandygyny gürrüň beripdik. Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Hökümetara komitetiň 2017-nji ýylyň dekabr aýnda Koreýanyň Çeju şäherinde geçen 12-nji sessiýasynda adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawyna türkmen halk sungaty bolan küştdepdi-de girizildi.  Tansyň muşdaklarynyň agl...

DOWAMY
pic
7 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WE HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI

2021-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Gepleşigiň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegi bilen bagly birnäçe meseleleleri ara alyp...

DOWAMY
pic
7 Maý

BEÝIK ÝEŇŞIŇ ESGERLERI: SOWET SOÝUZYNYŇ GAHRYMANY TÄÇMÄMMET NYÝAZMÄMMEDOW

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 76-ýyllygynyň öň ýanynda köp neşirler Beýik Ýeňşiň esgerleri barada ýatlamalary çap edýärler. Şolaryň biri, biziň ildeşimiz Täçmämmet Nyýazmämmedowyň ykbaly hakda Pawel Žukow rus dilindäki «Камертон» edebi we taryhy žurnalda çap edilen makalasynda şeýle gürrüň berýär.  Täçmämmet Nyýazmämmedow Beýik Watançylyk urşunyň gowgaly meýdanlarynda bary-ýogy bir ýyl söweşdi. Ýöne şol gysga wagtda batyr türkmen ýigidi Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen belent ady a...

DOWAMY
pic
7 Maý

BILIM WE YLYM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ITALÝAN HYZMATDAŞLYGYNY GIŇELTMEK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2021-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Kömekowyň Italiýa Respublikasynyň Uniwersitetler we barlaglar ministri Kristina Messa bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň noýabrynda Italiýa Respublikasyna bolan saparynyň dowamynda ýetilen ylalaşyklaryň amala aşyrylyşyny,  şeýle-de iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gol çekilen hyzma...

DOWAMY