img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ERMENISTAN RESPUBLIKASY - ÝEREWAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
12 Noý

BEÝIK ŞAHYRYŇ NEBERELERINIŇ SOWGADY

Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky dogduk Gerkez obasyndaky muzeýi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem onuň çäklerinden daşda-da bellidir. 1983-nji ýylda açylan muzeý şahyra sarpa goýýanlaryň gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Oňa ýazyjy-şahyrlar, Magtymgulynyň eserlerini gaýry dillere terjime edýänler, şeýle hem onuň döredijiligini öwrenýänler gelýärler. Muzeýde şahyryň ömri we döredijiligi bilen baglanşykly, onuň ýaşaýan döwrüni görkezýän eksponatlar kän....

DOWAMY
pic
12 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKI DILLI DÖWLETLERIŇ HYZMATDAŞLYK GEŇEŞINIŇ 8-NJI SAMMITINE GATNAŞDY

2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeşiň) sekizinji mejlisine gatnaşmak üçin Türkiýäniň Stambul şäherine iş sapary bilen ugrady. «Sanly döwürde ýaşyl tehnologiýalar we akylly şäherler» şygary astynda geçýän nobatdaky mejlise Türki geňeşiň agza-döwletleri we Baş sekretary, şeýle-de bu Guramada synçy döwlet bolan Wengriýanyň Premýer-ministri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Baştutanyny Türkiýe Respublikasynyň Preziden...

DOWAMY
pic
12 Noý

GOPUZ GYZ TUMARY WE HALK SAZ GURALYDYR

Çankowuz, kubyz, dan mina, şankobyz, gopuz, wargan ýa-da zubanka – bularyň hemmesi gaty gadymdan biziň döwrümize gelip ýeten dilli saz guralynyň atlarynyň käbiri. Ata-babalarymyz tarapyndan döredilen bu gural häzirki wagtda hem meşhur, çünki gopuz çalmagy öwrenmek üçin, sazçylyk mekdebiniň ýa-da konserwatoriýanyň talyby bolmak hökman däl. Türkmen maşgalalarynda gopuz çalmagy gyzlara çagalykdan öwredipdirler. Gyzlar ony hemişe elýetrde bolan «sazly tumar» hökmünde göteripdirler. Ata-babalar...

DOWAMY
pic
12 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY BAŞLANDY

Şu gün, 12-nji noýabrynda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Türkiýe Respublikasyna gitdi. Saparyň çäklerinde Döwlet Baştutany Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeşiň) nobatdaky Sammitiniň işine gatnaşar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna sapary geljekde giň köptaraplaýyn görnüşdäki netijeli gatnaşyklaryň, deňhukukly we özarabähbitli hyzmatdaşlygyň, şeýle-de döwletleriň we halklaryň arasyndak...

DOWAMY
pic
11 Noý

TÜRKMENSITANDA ÝENE BIR ÄPET HALY DOKALAR

Türkmenistanda ýurduň Bitaraplyk gününe gabatlap, meýdany 210 inedördül metr haly dokalar. Balkan wealýatynyň Serdar şäherindäki çeper haly kärhanasynyň ussat halyçylary täze naýbaşy haly dokaýaralr. «Türkmenhaly» döwlet birleşigi hünärmeni Ogulmaral Amanjaýewanyň aýtmagyna görä, äpet hala ahal gölleri salnar we ol «Türkmeniň ak öýleriniň» birini bezär. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi tötänden däldir. El haly dokamak...

DOWAMY
pic
11 Noý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI TÜRKI DILLI DÖWLETLERIŇ HYZMATDAŞLYK GEŇEŞINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ VIII MEJLISINE GATNAŞDY

2021-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Daşary işler ministrleriniň sekizinji mejlisine gatnaşdy. Nobatdaky köptaraplaýyn duşuşygyň gün tertibi örän baý. Onuň dowamynda Döwlet baştutanlarynyň nobatdaky ýokary derejeli sammitiniň wajyp meseleleri, şeýle-de türki dilli döwletleriň bileleşiginiň ähmiýetli mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagy arkaly köptaraplaýyn...

DOWAMY
pic
11 Noý

GADYMY AMULYŇ TAPYNDYLARY

Amul häzirki Türkmenabadyň eteginde ýerleşýän uly orta asyr şäheridir. Amulyň geografik ýerleşişini Orta Amyderýanyň Kelif, Zemm, Nawidah we Farap ýaly beýleki dört şäheriniňki ýaly, amatly güzer ýeri kesgitläpdir. Şäher ýygy-ýygydan orta asyr awtorlary: Al-Istahri, Ýakut Hamawi, Al-Masut, Ibn-Hordabeg, Al-Makdisi we başgalaryň barlag obýekti bolupdyr. Olaryň hemmesi diýen ýaly Amulyň baý bazarlary hakda ýazýarlar. “Amul” adynyň gelip çykyşy entek kesgitlenmedik; XV asyryň ahyryndan bu...

DOWAMY