SOŇKY HABARLAR
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
Aşgabada iki günlük sapar bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammad Jawad Zarifiň ýolbaşçylygyndaky eýran hökümet wekiliýeti geldi. Şu gün, 8-nji aprelde Eýranyň daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Soňra Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministrlikleriň arasynda geňeşmeler geçirildi. Ministr Muhammad Jawad Zarif sapary guramagyň ýokary derejesi üçin türkmen tarapyna — Daşary işler ministri...
ŞÄHERIŇ TARYHY ADAMLARYŇ YKBALYNDA: MÜŇ ÝYLLYK DÄPLER
Aşgabadyň 140 ýyllygyna taýýarlanylýan häzirki günlerde paýtagtyň ýaşaýjylary, ajaýyp künjekleri we medeni ýadygärlikleri hakynda ençeme gyzykly maglumatlar peýda bolýar. Bu geň däldir. Ýaşynyň uly däldigine garamazdan, biziň ýurdumyzyň paýtagty köki asyrlaryň jümmüşine siňip gidýän taryhy wakalara baýdyr. Şäheriň ykbaly ony döredýän adamlar bilen aýrylmaz baglydyr. Biziň hekaýatymyzyň baş gahrymany, ykbalyň erki bilen ömrüni Türkmenistana baglan – Tatýana Lapşina özüniň indi üç arka aşgabatl...
TÜRKMEN-ÝAPON SYÝASY GEŇEŞMELERIŇ BARŞYNDA MÖHÜM MESELELERIŇ BIRNÄÇESI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 2021-nji ýylyň 8-nji aprelinde iki döwletiň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly türkmen-ýapon syýasy geňeşmeleri geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew, ýapon tarapyna — Ýaponiýanyň DIM-niň Ýewropa işleri boýunça Býurosynyň Baş direktorynyň orunbasary, Ministriň kömekçisiniň orunbasary Şuiçi Tokuda ýolbaşçylyk etdiler. Gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, şeýle-de söwda-ykdysady we medeni...
IKI DOSTLUKLY DÖWLETIŇ OBA HOJALYK UNIWERSITETLERINIŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK DOWAM EDÝÄR
Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Ermenistanyň Milli agrar uniwersitetiniň arasynda bilim, ylym, medeniýet, sport we innowasiýalar babatda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen Ylalaşygyň çäklerinde, iki ýokary okuw mekdepleriniň arasynda bilim bermegiň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça tejribe alyşmak, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlardan okuw sapaklaryny geçirmek we bilelikde netijeli ylmy-barlag işlerini alyp barmak işleri yzygiderli amala aşyrylýar. Ýnha, şu gün hem, Türkm...
AŞGABADA HAJ WE DIN IŞLERI BOÝUNÇA MINISTRIŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDAKY OWGAN WEKILIÝETI GELDI
Şu gün, 6-njy aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Türkmenistana iş sapary bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Haj we din işleri boýunça ministri Mohammed Kasim Haliminiň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ynsanperwer hyzmatdaşlygyň aýratyn orun eýeleýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtap geçdiler. Ministr Mohammed Kasim Halimi ykdysady we medeni-ynsanperwer häsiýetli köpsanly taslamalarda öz b...
AŞGABAT-140 ÝYL: HALKARA YLALAŞDYRYJY, YNANYŞMAK WE HYZMATDAŞLYK MERKEZI
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Şol strategiýanyň esasy maksady dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde jemlenýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda Watanymyzyň ak mermerli paýtagty — şu ýyl 140 ýyllygyny giňden belleýän Aşgabat ençeme gezek halkara maslahatlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Şol maslahatlaryň gün tertibine döwrüň möhüm meseleleri girizildi. Munuň...
TÜRKMENISTANYŇ WE ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ TEATR SUNGATLARYNYŇ ARASYNDA DUŞUŞYK
2021-nji ýylyň 5-nji aprelinde Türkmen döwlet gurjak teatrynyň we Ýerewan döwlet gurjak teatrynyň (театр марионеток) wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn duşuşygy geçirildi. Wideo duşuşygy Türkmen Döwlet Medeniýet Institutynyň Teatr sungaty fakultetiniň Aktýor ussatlygy we sahna dili kafedrasynyň müdiri Aýmämmet Işangulyýew açyp berdi we gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ol Türkmenistanyň gurjak teatrynyň işleri barada gysgaça gürrüň berdi. Ermeni tarapdan, Gurjak teatryň müdiri R...