SOŇKY HABARLAR
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 7-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Şweýsariýadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, Türkiýeden gelen täjirler bolsa “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen polietileni satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna bahasy ABŞ-nyň 11 million 485 müň dollaryndan gowrak bolan dürli görnüşli tüýjümek önümler Birleşen Arap Emirlikle...
TÜRKMENISTAN GDA-NYŇ ÇÄKLERINDE YNSANPERWER HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK UGRUNDA ÇYKYŞ EDÝÄR
2021-nji ýylyň 2-nji aprelinde Moskwada geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisinde gatnaşyjylar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Lukmançylyk ugurda hyzmatdaşlyk şolaryň arasynda esasylarynyň biri hökmünde maslahatlaşyldy. Mejlisde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow çykyş etmek bilen, GDA-nyň çäklerinde döredilen...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSY DÜNÝÄ SYÝASATYNDA YNAMY DIKELTMEGIŇ WE ÖZARA HORMATA ESASLANÝAN GEPLEŞIKLERIŇ MEDENIÝETINI PUGTALANDYRMAGYŇ ÄHMIÝETINI BELLEDI
2021-nji ýylyň 2-nji aprelinde Moskwada geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisinde gysga we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegi bilen bagly işjeň pikirler alşyldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow öz çykyşynda GDA-nyň çäklerinde özara hereketleri pugtalandyrmak ugrunda türkmen tarapynyň garaýyşlaryny beýan etdi, şeýle-de sebit we halkara meseleleri agzap geçdi. Ministr halkara-hukuk kadalaryny dikeltmegi...
MOSKWADA GDA-NYŇ GATNAŞYJY-DÖWLETLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 2-nji aprelinde Moskwada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri D.Baýramow, Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.Aýwazýan, Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri W.Makeý, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri M.Tleuberdi, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri R.Kazakbaýew, Moldowa Respublikasynyň Daşary işler w...
TÜRKMENISTANYŇ ERMENISTAN RESPUBLIKASYNDAKY ILÇIHANASY "TÜRKMENISTAN - PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATANY" ATLY SURAT SERGISINI GEÇIRÝÄR
Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasy, Ermenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Ýerewan şäher häkimliginiň we Karen Demirçýan adyndaky Ýerewan metrosynyň ýardam bermeginde 2021-nji ýylyň 2-nji aprelinden 16-njy apreli aralygynda ýubileý senelerine bagyşlanyp ýagny, Bitaraplygyň şanly 25 ýyllygy we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli "Türkmenistan – Parahatçylygyň we ynyşmagyň watany" atly surat sergisini geçirýär. Türkmen halkynyň taryhyny, iň baý özboluşly...
TÜRKMENISTANYŇ WE RF-NYŇ ARASYNDA MALIÝE MESELELERI BOÝUNÇA HYZMATDAŞLYGYŇ MÜKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowyň «Russiýanyň eksport-import banky» PJ-niň, Russiýa Federasiýasynyň «ВЭБ» döwlet ösüş korporasiýasynyň, Russiýanyň Göni maýa goýum gaznasynyň, «Sberbank» AGPJ-niň hem-de «Transkapitalbank» bankynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirildi. Mundan b...
TÜRKMENISTANYŇ MILLI AT ÜSTÜNDÄKI OÝUNLAR TOPARYNYŇ SEÝIS-TOPAR ÝOLBAŞÇYSY MOSKWA BOLAN IŞ SAPARYNYŇ DOWAMYNDA BIRNÄÇE DUŞUŞYKLARY GEÇIRDI
2021-nji ýylyň 31-nji martynda Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň seýis-topar ýolbaşçysy P.Baýramdurdyýew birnäçe duşuşyklary geçirdi. Gepleşiklere şeýle-de «Türkmenatlary» döwlet birleşiginiň wekilleri hem gatnaşdylar. Şunlukda, «ФКП «Российская государственная цирковая компания» döwlet sirk kompaniýasynyň Baş direktory S.Belýakow we Moskwanyň uly döwlet sirk kompaniýasynyň Baş...