SOŇKY HABARLAR
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, az kükürtli ýangyç mazudy we binýatlyk ýagy satyn aldylar. Özbegistanly işewürler şeýle hem ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar. Mundan b...
TÜRKMENISTANYŇ ERMENISTAN RESPUBLIKASYNDAKY ILÇISINIŇ ÝEREWAN ŞÄHER HÄKIMI BILEN DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow bilen Ýerewan şäher häkimi Haýk Marutýan duşuşdylar. Ýerewan şäher häkimi türkmen diplomaty bilen mähirli salamlaşyp, şäher häkimliginiň gündelik alyp barýan işi we ermeni-türkmen gatnaşyklary barada umumylykda gürrüň berdi. Ilçi M.Aýazow öz gezeginde Türkmenistnyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryp, şu ýyl Türkmenistanyň ýubil...
TÜRKMENISTAN OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASYNDA PARAHATÇYLYGY DURMUŞA GEÇIRMEK BOÝUNÇA HEREKETLERI GOLDAÝAR
2020-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherinde 30-a golaý ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, halkara guramalaryň hem-de “Talyban” hereketiniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda owganara gepleşikleri başlandy. Türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň baştutanlygynda gepleşikleriň açylyş dabarasyna wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy duşuşykda çykyş edip, Türkmenistany...
2021-2025-NJI ÝYLLAR ÜÇIN TÜRKMENISTANDA ÝUNISEF-IŇ ÝURT BOÝUNÇA MAKSATNAMASYNYŇ RESMINAMASY ÝUNISEF-IŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETI TARAPYNDAN TASSYKLANYLDY
2020-nji ýylyň sentýabr aýynyň 8-11-i aralygynda geçirilen ÝUNISEF-iň ýerine ýetiriji komitetiniň ikinji nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň ýurt boýunça maksatnamasynyň resminamasy kabul edildi. ÝUNISEF-iň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň altynjy maksatnamasynyň baş wezipesiniň biri, BMG-niň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna we Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň Milli meýilnamasyna laýyklykda çagalaryň hukuklaryna hormat goýmak, gor...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE FRANSIÝANYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Fransiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Fransua Delaus bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň ösüşine goşan goşandy we hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryndaky öndürijilikli işi üçin Ilçä minnetdarlyk bildirdi. Fransiýanyň Ilçisi öz gezeginde işlem...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HEM-DE ÝAPONIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ ARASYNDAKY TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2020-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz hem-de ýapon Hökümetiniň Baştutany mähirli salamlaşyp, özara söhbetdeşlikde döwletara gatnaşyklaryň şu günki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçiligiň dörändigine kanagatlanma bildirdiler. Şol gatnaşyklar birek-biregi hormatlamak, deňhukuklylyk ýörelgelerine hem-de taraplaryň ö...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINDEN YNANÇ HATLARYNY KABUL ETDI
2020-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Widhu Pithambaran Nairi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatlaryny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň we Premýer-ministri Narendra Modiniň mähirli salamyny ýetirdi. Olar netijeli türkmen-hi...