SOŇKY HABARLAR
BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen kararnamalary BMG-niň web sahypasynda çap edildi
2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy 78-nji mejlisiň 48-nji umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen iki kararnamany kabul etdi - "Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşyklary berkitmek" we "Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny". Ulag baradaky kararnama 47 döwlet we energetika birikmesi baradaky kararnama 38 ýurt awtordaş bolup çykyş etdiler. Ulag pudagyndaky hyzm...
Türkmenistan täze — 2024-nji ýyly jebislikde, ýagşy arzuwlar bilen garşylady
Hemmelere bagt we şatlyk, ýagşy umyt-arzuwlary eçilýän, köp garaşdyran Täze ýyl baýramy ýetip geldi. Şu pursatlarda ýurdumyzyň ýene bir geçen döwrüniň jemleri jemlenilýär hem-de geljek üçin anyk meýilnamalar düzülýär. Tutuş Diýarymyz baýramçylyk keşbine girýär, Watanymyzyň her bir künjeginde ýokary ruhubelentlik ýagdaýy emele gelýär. Şu günler türkmen paýtagty has-da gözel görnüşe girip, kalbyňy joşdurýan aýratyn öwüşginler bil...
Türkiýanyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlaýar
2023-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Türkiýe Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Togan Oral bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy we onuň ugurlaryny giňeltmek bilen bagly birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu babatda, 2023-nji ýylyň 25-26-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýa amala aşyran resmi saparynyň dowamynd...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2023-nji ýylyň 28-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň başynda Halk Maslahatynyň Başlygy we Özbegistanyň Prezidenti birek-biregi ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlap, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler. Pursatdan peýdalanyp, özbek Lideri hormatly...
Türkmenistan we Hytaý bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler
2023-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministriniň orunbasary Sun Ýao bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar häzirki wagtda iki döwletiň Baştutanlarynyň yzygiderli ýokary derejedäki duşuşyklarynyň amala aşyrylmagynyň netijesinde türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygyň dürli ugurlar boýunça depginli ösdürilýändigini bellediler. Şeýle-de, Türkmenistan b...
Aşgabatda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylyna bagyşlanan halkara ylmy - amaly maslahat we sergi geçirildi
2023-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Aşgabatda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň netijelerine bagyşlanan halkara ylmy - amaly maslahat geçirildi. Foruma Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, KHBS, Aşgabat we Arkadag şäheriniň häkimleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda a...
Türkmenistanyň Prezidenti GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy
2023-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy. Nobatdaky sammite Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr...