Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty geçirildi

photo

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on birinji maslahatynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň görkezmeleri esasynda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işleriň çäklerinde işlenip taýýarlanylan birnäçe täze kanunlar we kadalaşdyryjy hukuk namalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen “Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna, “Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň taslamasyna seretmek maslahatyň gün tertibindäki esasy mesele boldy. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, esasy maliýe-hukuk resminamasy möhüm pudaklaryň durnukly ösüş depginini saklamagyň, sebitleri ösdürmegiň, umuman, Diýarymyzyň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegiň hasabyna giň gerimli özgertmeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Bu kanunçylyk taslamasy taýýarlanylanda, döwlet Baştutanymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly maslahatlaryndan ugur alnyp, gelip gowşan teklipler öwrenilip, ol milli parlamentiň ähli komitetlerinde deslapdan ara alnyp maslahatlaşyldy, ýurdumyzyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda giňden seljerildi.

Ýurduň esasy maliýe resminamasy iri möçberli döwlet maksatnamalarynda, şol sanda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenilen wezipeleri amala aşyrmagyň özboluşly ýyllyk ýol görkezijisi bolup çykyş edýär. Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasata laýyklykda, Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetinde ýangyç-energetika, gurluşyk-senagat, oba hojalyk toplumlary, ulag-aragatnaşyk, dokma we azyk senagaty ýaly binýatlaýyn pudaklary depginli ösdürmek göz öňünde tutulýar. Tassyklanylan durmuş-ykdysady strategiýa görä, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde iri taslamalaryň, şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine, ulag-aragatnaşyk, önümçilik düzümleriniň täze desgalarynyň gurulmagyna, ähli ulgamlarda innowasion tehnologiýalaryň, ylymda, tehnikada soňky gazanylanlaryň giňden ornaşdyrylmagyna iri möçberli serişdeler bölünip berilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde nygtaýşy ýaly, milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginli ösüşi ýurdumyzyň býujet girdejilerini yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Döwlet býujeti bolsa ykdysadyýetimizi meýilleşdirmegiň möhüm guralydyr. Mälim bolşy ýaly, döwletimiziň kanun çykaryjy edarasynyň işi «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» şygary arkaly beýan edilýän durmuş maksatly syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, ilkinji nobatda, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň we hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny maksat edinýär.

Geçen ýyllarda bolşy ýaly, 2026-njy ýylyň esasy maliýe resminamasynda serişdeleriň köp bölegi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge niýetlenendir. Şeýlelikde, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokary ölçeglere ýetirmegi baş maksat edinýän ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň agramly bölegi durmuş ugruna, şol sanda bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport, döwlet durmuş üpjünçiligi, ýaşaýyş jaý we jemagat hojalygy ulgamlaryna gönükdiriler. Şoňa görä, parlamentariler çykyşlarynda ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmagyň, iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hasabyna täze iş orunlaryny döretmegiň, adamlaryň zähmetiniň netijeliligini, ýaşaýyş dowamlylygyny, bilim derejesini, intellektual, medeni mümkinçiliklerini artdyrmagyň, ýaşlar syýasatyny işjeňleşdirmegiň, raýatlaryň goraglylygyny üpjün etmegiň durmuş ugurly syýasatyň geljek ýyldaky esasy maksatlary bolmagynda galjakdygyny nygtadylar.

Milli ykdysadyýetiň düzüminde hususy pudagyň paýyny artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, 2026-njy ýylda telekeçiligi goldamak babatda-da çäreler meýilleşdirildi. Şunda ýurdumyzda daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleriň öndürilişiniň möçberiniň yzygiderli artdyrylmagyna, içerki bazarda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine uly ähmiýet berilýär. Şeýle-de bank we salgyt ulgamyny kämilleşdirmek, kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde bellenen meýilnamalary amala aşyrmak üçin goşmaça maliýe çeşmelerini ýüze çykarmak geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi.

Deputatlar “Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň kabul edilmegine biragyzdan ses berdiler. Oýlanyşykly hasaplamalara esaslanýan, döwletiň we jemgyýetiň serişde mümkinçiliklerine daýanýan esasy maliýe-hukuk resminamasy täze taryhy döwrüň belent maksatlaryna tiz wagtda ýetmäge hyzmat eder. Şeýle-de “Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň karary biragyzdan kabul edildi.

Soňra “Wirtual aktiwler hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu Kanun ýurdumyzda wirtual aktiwleriň döredilmeginde, saklanylyşynda, ýerleşdirilmeginde, ulanylyşynda we dolanyşygynda döreýän gatnaşyklary kadalaşdyryp, olaryň hukuk, ykdysady, guramaçylyk esaslaryny kesgitlär. “Ylmy intellektual eýeçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň täze beýany ylmy intellektual eýeçiligiň obýektleriniň döredilmeginde hem-de peýdalanylmagynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Ol ylmy intellektual eýeçiligiň obýektlerine eýeçilik hukuk goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Deputatlar 2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda Astanada geçirilen “Merkezi Aziýa — Hytaý” ikinji sammitiniň jemleri boýunça gol çekilen “Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda hemişelik hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamany tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna hem seretdiler.

Maslahatyň dowamynda “1993-nji ýylyň 22-nji ýanwaryndaky Raýat, maşgala we jenaýat işleri boýunça hukuk kömegi we hukuk gatnaşyklary hakynda Konwensiýa üýtgetmeleri girizmek hakyndaky Teswirnamany tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garaldy. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde kabul edilen halkara şertnama bolup durýan bu Konwensiýa gatnaşyjy ýurtlaryň raýatlaryna we olaryň çäklerinde ýaşaýan beýleki adamlara deň hukuk kömegini hem-de şahsy we eýeçilik hukuklarynyň goraglylygyny üpjün edýär. Bellenilişi ýaly, döwletara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirjek bu möhüm resminamalaryň tassyklanylmagy Türkmenistanyň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem ählumumy abadançylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmäge berk ygrarlydygynyň güwäsidir.

Deputatlar “Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna hem seretdiler.

Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň on birinji maslahatynda ara alyp maslahatlaşmaga hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Maslahatda türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň mejlislerinde, hojalyk iş maslahatynda şanly senä bagyşlanyp guraljak halkara forumy guramaçylykly geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli möhüm çäreler barada pikir alşyldy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň 31-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde deputatlaryň halkymyz bilen maslahatlaşyp, täze, 2026-njy ýyla at bermek hem-de onuň nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipleri taýýarlamalydyklary barada kesgitlän wezipelerinden ugur alyp, häzirki wagtda deputatlaryň alyp barýan işleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda öňde durýan işler kesgitlenildi.

Milli parlamentiň deputatlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmakda, giň gerimli özgertmeleri hukuk taýdan üpjün etmekde, olary wagyz etmekde ähli gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.