img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ERMENISTAN RESPUBLIKASY - ÝEREWAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
23 Few

GOTURDEPDE NEBIT ÖNÜMLERINIŇ ARTMAGY

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalaryny we ýörite enjamlaryny önümçilige ornaşdyrmak arkaly nebit guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konsernine “Türkmennebit” döwlet konserniniň ýörite hyzmatlary ýerine ýetirmegi hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 30-njy iýulynda çykaran 11189-...

DOWAMY
pic
23 Few

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDAKY WEKILIÝET ANKARADA BIRNÄÇE DUŞUŞYKLARY GEÇIRDI

2021-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Ankara şäherine iş sapary bilen gitdi. Şu gün, 23-nji fewralda saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan tarapyndan kabul edildi. Şol gün Ankarada Türkmenistanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrleri Raşid Meredow...

DOWAMY
pic
22 Few

BIRŽA TÄZELIKLERI

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 66-sy hasaba alyndy.  Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni hem-de az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar. BAE-den, Şotlandiýadan, Owganystandan, Singapurdan gelen işewürler “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ECO-93 belgili awtoulag benzinini, suwuklandyrylan gazy he...

DOWAMY
pic
22 Few

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ OWGANYSTANYŇ MILLI YSLAM HEREKETI PARTIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYGY

2021-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Owganystanyň Milli Yslam Hereketi partiýasynyň ýolbaşçysy Marşal Abdul Raşid Dostum bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda netijeli türkmen-owgan özara hereketleriniň gün tertibi boýunça pikirler alyşyldy. Türkmenistanyň we Owganystanyň arasyndaky ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň ähli ugurlarda durmuşa geçirilmegi maksady bilen, ikitar...

DOWAMY
pic
22 Few

ДОБРЫЕ ТРАДИЦИИ ОНЛАЙН-ВСТРЕЧ МУЗЫКАЛЬНЫХ ВУЗОВ АШХАБАДА И ЕРЕВАНА ПРОДОЛЖАЮТСЯ

22 февраля сего года прошла уже ставшей традицией видео встреча представителей музыкальных сообществ Ашхабада и Еревана, и на этот раз высшие музыкальные школы представили национальные инструменты: с туркменской стороны были представлены дутар и гиджак, а с армянской стороны - канон. Презентацию истории инструмента канон провела кандидат искусствоведения, доцент Ереванской государственной консерватории имени Комитаса Нарине Аветисян, после чего заслуженный деятель искусств Армении, профессор...

DOWAMY
pic
19 Few

TÜRKMENISTANYŇ WE ÇEHIÝA RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ DEREJESINDE GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň we Çehiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary Wepa Hajiýewiň hem-de Martin Tlapanyň derejesinde onlaýn görnüşinde daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra, taraplar özara gyzyklanma döredýän ulgamlaryň ählisi boýunça iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny nygtadylar. Taraplar parlament ugry boýunça hyzmatdaşlygyň derejesine hem seredip ge...

DOWAMY
pic
18 Few

TÜRKMENISTANYŇ WE BEÝIK BRITANIÝANYŇ WEKILLERINIŇ ARASYNDA SÖWDA-YKDYSADY MESELELER BOÝUNÇA DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň wekilleriniň arasynda söwda-ykdysady meseleleri boýunça onlaýn duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyndan mejlise Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň, Merkezi Bankynyň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, şeýle-de Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary hem-de w...

DOWAMY