Türkmen harby gullukçylary Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaraly ýörişe gatnaşdylar

Şu gün Moskwada, Gyzyl meýdançada Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli harby ýöriş geçirildi. Dabaraly Ýeňiş ýörişi 9-njy maýda geçirilmelidi, ýöne koronawirus pandemiýasy zerarly ol soňa goýuldy. Onuň 24-nji iýunda geçirilmegi tötänden däldir: şol gün 75 ýyl mundan ozal Moskwada Ýeňijileriň şanly dabaraly ýörişi geçirilip, marşal Konstantin Rokossowskiý ýörişi dolandyrypdy, marşal Konstantin Žukow bolsa ony kabul edipdi.

...«Üns beriň, Moskwadan alyp eşitdirýäris we görkezýäris, Gyzyl meýdançany diňläň we oňa serediň. 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylanÝeňiş mynasybetli dabaraly Ýeňiş ýörişi geçirilýär!» - diýen ses Gyzyl meýdançanyň depesinde ýaňlandy. Faşizmden gazanylan ýeňiş mynasybetli geçirilýän dabalary ýörüşleriň ählisi şu sözler bilen başlanýar» - diýlip TASS-yň habarynda bellenilýär.

Habarda aýdylşyna görä, dabaraly ýörişiň taryhy bölümini baýdakly toparlar açdylar, olar münberleriň öňünden frontlaryň 10-synyň baýdaklaryny göterip geçdiler. Soňra meýdançada pyýada goşun esgerleriniň, uçarmanlaryň, harby-deňiz gullukçylarynyň, inženerleriň, aňtawçylaryň, serhetçileriň harby lybasyny geýen harby gullukçylar peýda bolýar, meýletin goşunyň we maddy-tehniki taýdan üpjünçilik bölümleriniň gullukçylary geçip gitdiler. Olaryň ellerinde Beýik Watançylyk urşy döwrüniň ýaraglary – Simonowyň awtomatik oklanýan karabini, Mosiniň tüpeňi, Şpaginiň pistolet-pulemýoty (PPŞ) we Sudaýewiň pistolet-pulemýoty (PPS) ... bardy.

Dabaraly ýörişi RF-iň goranmak ministri Sergeý Şoýgu kabul etdi, dabaraly ýörişi Guryýer goşunlarynyň baş serkerdebaşysy Oleg Salýukow dolandyrdy. Dabaraly Ýeňiş ýörişine harby gullukçylaryň jemi 14 müňe golaýy gatnaşdy.

Münberleriň öňünden dünýä goşunlarynyň 13-siniň – Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belorussiýanyň, Hindistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň, Moldawiýanyň, Mongoliýanyň, Serbiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň harby bölümleri geçdiler.

«Türkmenistanyň baýdaklary we hatarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýew söweşlere gatnaşan 2-nji Ukrain frontunyň 206-njy diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň baýdagy dakylan «Победа» kabriolet kysymly maşynlaryň ikisi dabaraly ýörişde şu ýurduň ýöriş bölüminiň başyny çekdi.

Taryhy söweş baýdagyny şu ýylyň 9-njy maýynda RF-iň goranmak ministriniň orunbasary general-polkownik Aleksandr Fomin Aşgabada sapary wagty Türkmenistanyň Prezidentine gowşurypdy» - diýip TASS habar berýär.

Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralarda Türkmenistanyň Hökümet wekilýetine ýurduň goranmak ministri, general-maýor Begenç Gündogdyýew ýolbaşçylyk etdi.

«Milli goşunyň esgerleriniň we serkerdeleriniň dabaraly ýörişe gatnaşmagy her bir türkmenistanlynyň kalbynda Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna mynasyp goşant goşan türkmen topragynyň gerçek ogullarynyň gaýduwsyzlygyna hem-de gahrymançylygyna bolan buýsanç duýgusyny döredýär. Biz bu şöhratly senäni bellemek bilen, geljekki nesilleriň parahat durmuşynyň hatyrasyna gazaply söweş meýdanlarynda deňsiz-taýsyz edermenlik görkezen gahrymanlarymyzy uly hormat-sarpa duýgusy bilen ýatlaýarys» - diýip Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümetiň 19-njy iýunda geçirilen mejlisinde nygtady.