SOŇKY HABARLAR
ÝUNESKO-NYŇ IŞLERI BARADA TÜRKMENISTANYŇ MILLI TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Öz çykyşynda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen özara hereketleriniň esasy ugurlaryny beýan...
WATAN GORAGÇYSYNA BAGYŞLANAN SERGI
Ýurdumyzda 27-nji ýanwarda bellenilýän Watan goragçysynyň gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergi zalynda suratkeşleriniň işleriniň sergisi açyldy. Sergide dürli nesliň suratkeşleriniň işleri görkezildi. Iwan Çerinkonyň «Durmuş gowulaşdy, durmuş has bagtly boldy» atly suraty uruşdan döşi ordenli gaýdyp gelen esgeriň ýaragyny dutara çalşyp, bir gözeli üns bilen synlamagy: başga durmuş, başga gymmatlyklary – maşgala bagty we çagalaryň dünýä inmegi bilen baş...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ ORUNBASARY, BMG-NIŇ TERRORÇYLYGA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA MÜDIRLIGINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI
2022-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Wladimir Woronkow bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we BMG-niň hem-de onuň ýöriteleşdirilen agentlikleriniň arasyndaky giň gerimli uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýetini belläp geçdiler. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýo...
TÜRKMEN ALABAÝY – EDERMEN GORAGÇY WE WEPALY DOST
Şu günler Aşgabatda «Türkmen topragy — dünýä ýaňsalan medeni gymmatlyklaryň ojagy» atly halkara ylmy-amaly maslahat we sergi geçirilýär. Bu çäräniň esasy mowzugy täsin it tohumyna – milli medeniýetiň aýrylmaz bölegi bolup duran türkmen alabaý itlerine we aw tazysyna bagyşlanýar. Gorky-ürkini bilmeýän namysjaň goragçy – türkmen alabaýy itleriň iň gadymy tohumlaryndan biri hasaplanýar, onuň ýaşy takmynan 3 müňden 6 müň ýyla çenlidir. Daşky görnüşiniň gadymy ata-babalarymyzyň döwründäkisinden üý...
TÜRKMENISTANYŇ ÝHHG-NIŇ ÝANYNDAKY WEKILÝETI «TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADYÝET WE DAŞKY GURŞAW BABATDA ILERI TUTÝAN UGURLARY» BOÝUNÇA BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI
2022-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Howpsuzlyk komitetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň resmi wekilleri «Türkmenistanyň ykdysadyýet we daşky gurşaw babatda ileri tutýan ugurlary» boýunça beýannama bilen çykyş etdi. Beýannamada Türkmenistan üçin ÝHHG bilen ykdysady we daşky gurşawy goramak boýunça hyzmatdaşlygynda ileri tutulýan ugurlar hökmünde ulag arkaly aragatnaşygy ösdürmek we söwdany ýeňilleşdirmek, şeýle hem energiýa howpsuzlyg...
TÜRKMENISTANDA RAÝAT ÝAGDAÝYNYŇ ÝAZGYLARYNY ONLAÝN HASABA ALMAK BOÝUNÇA TASLAMA IŞLENIP DÜZÜLÝÄR
Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň bir bölegi hökmünde Türkmenistanyň Hökümeti Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikde raýat ýagdaýynyň ýazgylaryny onlaýn hasaba alyş ulgamyny ornaşdyrmak boýunça taslamany durmuşa geçirýär. Bu synag taslamasy raýat ýagdaýynyň ýazgylaryny hasaba...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ILKINJI «HINDISTAN – MERKEZI AZIÝA» SAMMITINE GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda ilkinji «Hindistan – Merkezi Aziýa» sammiti wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Ýokary derejeli duşuşyga Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Prezidentleri gatnaşdylar. Öz çykyşynda Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi ilkinji «Hindistan – Merkezi Aziýa» sammitiniň, Nýu-Deliniň bu strategiki ähmiýete eýe bolan sebitiň döwletleri bilen barha giňelýän özara hereketleriniň özboluşly şöhlelenmesi boljakdygyny...