SOŇKY HABARLAR
Ulag we logistika boýunça Halkara maslahaty
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag we logistika boýunça Halkara maslahatyna gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi Gutlagda şeýle diýilýär: Sizi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän ulag we logistika boýunça halkara maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň bilşiňiz ýaly, 2016-njy ýylyň noýabrynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Aşgabat şäherinde Durnukly ulag ulgamy boýunça I Ählumumy maslahat geçirildi. Bu maslahata gatnaşyjylar m...
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň halkyny Halkara Nowruz güni bilen gutlady
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi dünýä halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň hem özboluşly medeniýetiniň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, taryhy-medeni däplerini şöhlelendirýän Halkara Nowruz güni — Milli bahar baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda bu ajaýyp bahar baýramynyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýä ýaň salýan at-abraýyna, şan-şöhratyna çäksiz buýsanýan mähriban halkymyzyň...
Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar
Türkmenistanlylar Milli bahar baýramyny hem-de Halkara Nowruz gününi köpöwüşginli dabaralar, şatlyk-şagalaň we ruhubelentlik, iň ýagşy umyt-arzuwlar bilen garşyladylar. Şu günüň esasy wakalary Mary şäherinde, köpçülikleýin medeni çäreleriň guralýan ýeri bolan “Türkmeniň ak öýi” binasynyň golaýyndaky meýdançada geçirildi. Nowruz baýramy mynasybetli guralan dabara gatnaşmak üçin bu ýere Mejlisiň Başlygy, hökümetiň agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanda işleýän di...
Dohadaky gepleşikler
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Katar Döwletine döwlet saparynyň ikinji, jemleýji güni boldy. Ozal habar berlişi ýaly, düýn Dohada ýokary derejede türkmen-katar gepleşikleri geçirilip, uly üstünlige eýe boldy. Dostlukly döwletleriň Liderleriniň nobatdaky duşuşygynyň jemleri hyzmatdaşlykda toplanan oňyn tejribäni hem-de bar bolan uly mümkinçilikleri nazara almak bilen, taraplaryň döwletara gatnaşyklaryna hil taýdan täze mazmun bermäge çalyşýandygyny tassyklady....
Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň BILDIRIŞI
Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň BILDIRIŞI 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçirilýär Ermenistan Respublikasynyň çäklerinde bolýan ähli Türkmenistanyň raýatlaryny Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň ýanynda döredilen №1 belgili saýlaw uçastogyna ses bermäge çagyrýarys. 2017-nji ýylyň 12-nji fewraly ýerli wagt bilen 7:00-dan 19:00-...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň (EMGK) resmi internet saýtynda ýerleşdirilen maglumatyna degişlilikde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şu aşakdakylary belleýär. EMGK-niň esassyz we obýektiw bolmadyk maglumatyna öz tarapymyzdan Kompaniýanyň türkmen tarapyna bolan bergisini üzmek bilen bagly meselede hemmäni ýalňyş pikire ugrukdyrmak synanyşygy hökmünde garaýarys. Hususan hem, «Türkmengaz» Döwlet konserni tarapyndan üpjün edilýän gazyň hili we möçberi bilen bagly şertnamanyň düzgün...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Soňky günlerde Eýranyň we beýleki döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde gaz pudagyndaky türkmen-eýran gatnaşyklaryna degişli dürli maglumatlar beýan edilýär. Olaryň käbirinde 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Eýranyň türkmen gazy bilen üpjün edilmeginiň «duýdansyz we ikitaraplaýyn ylalaşyga gabat gelmän» bes edilmegi barada gürrüň edilýär. Beýleki neşirlerde bolsa, tersine «Eýran Türkmenistan bilen türkmen gazynyň akdyrylmagy barada 5 ýyllyk ylalaşyga gol çekdi»-diýlip, bellenilýär...