Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli bouling we bilýard boýunça bäsleşigi

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygy we 2016-njy ýylyň “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli şu ýylyň 25-nji maýynda Ermenistan Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan Türkmenistanly talyplaryň arasynda bouling we bilýard boýunça Ýerewan şäherindäki “Bouling we bilýard Arenasy – Kluby” sport merkezinde bäsleşik geçirdi.

Baýramçylyk şertlerinde geçen ýaryşyň çäklerinde “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” nyşanly ýadygärlik futbolkalary gowşuryldy.  

Bäsleşigiň jeminden soňra, talyplara Türkmeniň baýramçylyk saçagy hödür edildi. Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň akpatasy bilen “Aziýada-2017” oýunlarynyň paýtagtymyz Aşgabatda açylyş dabarasyna 500 günüň galmagy mynasybetli 2016-njy ýylyň 5-nji maýynda döwlet derejesinde geçirilen çäreler barada çaý başynda söhbetdeşlikde olara giňden gürrüň berildi. Şeýle hem, bu taryhy waka barada öz bilim alýan ýerlerinde mahabat etmek üçin talyplara gerekli maglumatlar gowşuryldy.