Türkmenistanyň Ermenistandaky Ilçihanasynyň metbugat habary

       Türkmenistanyň Ermenistandaky Ilçihanasynyň metbugat habary

       Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasy Ýerewanyň döwlet uniwersitetiniň ýardamy bilen 2016-njy ýylyň 8-nji noýabrynda Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 25-ýyllygyna dabaralap, uniwersitetde “Garaşsyz bitarap Türkmenistanyň 25 ýylda geçen ýoly” ady bilen tegelek stoly hem-de Ilçihana tarapyndan şol gysga wagtda Watanymyzda bolup geçýän wakalary wagyz edip taýýarlanyp çapdan çykarylan ýörite žurnalyň tanyşdyryş dabarasy gurnaldy.

       Dabaraly çärede Ermenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, diplomatlar, bu ýerde akkredetirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, alymlar, ylmy, jemgyýetçilik guramalaryndan hem-de ol ýerde bilim alýan talyp ýaşlar gatnaşdylar.

      Ýörite çykyş edenler, häzirki döwürde türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly, öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ägirt işler amala aşyrylyp, durnukly ykdysady ösüşe möhüm orun berilýär. Türkmenistanda “Döwlet adam üçindir” diýen şygar bilen wajyp hemmetaraplaýyn reformalar ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, ylym ulgamynda, bilimde, saglygy goraýyşda, sportda, medeniýetde we syýahatçylykda dowamly alnyp barylýar. Telekeçilik ösýär, halk ýokary sosial-durmuş dereje bilen üpjün edilip, täze obalar, etraplar döredilýär, senagat ulgamlary, döwletiň garaşsyzlygynyň gözbaşyny berkidiji bolup ýardam edýär. Türkmen halky berkarar döwletimiziň töýly Günini Watanymyzda ulu şatlykda we begençde, ykdysadyýetde, sosial ulgamynda, ylymda, medeniýetde ýetilen sepgitlere guwanyp garşylaýarlar.

      Russiýanyň Ermenistandaky Ilçisi I.Wolynkiniň gutlag hatynda bolsa, ýaş döwlete gysga wagtyň içinde raýatlaryň mynasyp derejede ýaşamagy üçin ähli möhüm sosial-ykdysady we syýasy şertleriň döredilmegi, berk we durnukly Türkmenistanyň düýbini tutmak amala aşyryldy diýip nygtalýar. “Russiýa hemişe özüniň ýakyn egindeş we dostlukly döwletleriň garaşsyzlygyny gollap çykyş edýär. Türkmenistany kuwwatly we garaşsyz hökmünde görmek russiýa tarapynyň islegidir. Türkmen-russiýa gatnaşyklaryny köne dostlaryň arasynda açyk we ynamly diýip häsiýetlendirmek bolar” diýip öz gutlagynda bellýär.

      Ilçi A.Grigorýan we Gazagystanyň Ermenistandaky Ilçisi T.Urazaýew ähli ýygnanlary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 25–ýyllygy bilen gyzgyn gutlap, ýetilen sepgitler we üstünlilker, ummasyz 25–ýylyň içinde edilen işler, sözüň dogry manysynda Ýurdyň ähli ýerlerinde täze çagalar baglary, mekdepler, medeniýet öýleri we senagat kärhanalary dowamly gurylmagy garaşsyz Döwletiň belent sepgitleriniň we üstünlikleriniň tassyknamasydygyny bellediler.

2016-njy ýylyň Noýabr aýynyň 8-i.