TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN DABARALY KABUL EDIŞLIK

TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN DABARALY KABUL EDIŞLIK

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan 2016-njy ýylyň 11-nji noýabrynda Ermenistan Respublikasynyň Hökümetiniň kabul edişlikler öýünde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly kabul edişlik gurnaldy. Şanly waka Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, Ermenistanda akreditirlenen diplomatik missiýalaryň ýolbaşçylary, diplomatlar, şeýle hem Ilçihananyň dostlary, işewürler, medeniýet işgärleri, ýurduň ylmy intelegensiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Myhmanlary gutlap, Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Maşalow Ýurdumyz garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygyny syýasatda, ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda, ylymda, medeniýetde we sportda ýetilen uly üstünlikler bilen garşylaýandygyny belläp geçdi. Milletiň lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda “Döwlet – adam üçindir!” atly baş ýörelgä esaslanyp, ösüşiň ähli ugurlarynda toplumlaýyn reformalar diýarymyzda durmuşa geçirilýär. 

Şeýle hem myhmanlaryň ünsi şu ýylyň 26-27-nji noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary tarapyndan çagyrylan Aşgabatda geçiriljek Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatyna çekildi. 

Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Robert Arutýunýan öz gezeginde baýram bilen Watanymyzy gutlap, Türkmenistany we Ermenistany asyrlara uzaýan hakyky dostlugyň we strategiki hyzmatdaşlygyň baglanyşdyrýandygyny, şeýle hem iki döwletiň halkara giňişliginde konstruktiw we yzygiderli häsiýete eýe bolan bilelikdäki hereketiniň dünýä we sebit derejesinde parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy berkitmekde uly ähmiýete eýedigini belledi. Şeýle hem syýasy, söwda-ykdysady, medeni-gumanitar ugurlarynda ikitaraplaýyn aragatnaşyklaryň üstünlikli ösüşi bellenildi. Ermeni diplomaty hemişelik bitaraplyk derejesine, parahatsöýüjilige we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanan Türkmenistanyň daşary syýasy ugruna ýokary baha berdi.

Dabaraly kabul edişligiň myhmanlaryna türkmen desterhanynynyň nygmatlary hödür edildi.