Ilçihana tarapyndan neşir edilen ýörite žurnal

“Garaşsyzlyk milli buýsanjymyzdyr, ata-babalarymyzyň asyrlarboýy kalbynda besläp gelen arzuw-umytlarynyň hasyl bolmalydyr.

Özbaşdak ösüşiň röwşen ýoly bilen abadançylygyň we rowaçlygyň belentliklerine tarap ynamly barýan Bitarap Watanymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda asyrlara barabar ýol geçdi. Adamy jemgyýetimiziň iň gymmatly hazynasy hökmünde ykrar edýän Garaşsyz we demokratik döwletimiz merdana halkymyzyň yhlasly we tutanýerli zähmeti, ähli ugurlarda gazanýan üstünlikleri netijesinde, dünýäniň kuwwatly, gülläp ösýän, parahatçylygy goldaýan döwletleriniň birine öwrüldi.

Garaşsyzlyk döretmäge — kuwwat, gurmaga — güýç, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga — egsilmez ylham berýär. Şoňa görä-de, mähriban halkymyz Garaşsyzlyk gününe bagtyýarlygyň we berkararlygyň beýik baýramy hökmünde aýratyn sarpa goýýar.

Biz geljekde hem mähriban halkymyzyň goldawyna we ynamyna daýanyp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyrmak, raýatlarymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan tutumly işlerimizi güýçli depginler bilen dowam ederis”.

Türkmenistanyň Prezidenti

GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW