Ilçihana diplomatlaryň gatnaşmagynda mini futbol boýunça bäsleşik gurnady

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasy şu ýylyň 9-10-njy aprelinde Ýerewan şäheriniň “Dinamo” sport klubunda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygy we 2016-njy ýylyň “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Ermenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleriniň we bu ýurtda akkreditirlenen  diplomatik korpusynyň gatnaşmagynda mini futbol boýunça bäsleşik gurnady.

Dostlukly ýagdaýda geçen bäsleşige Ilçihananyň we Russiýa Federasiýasynyň, Ukrainanyň, Belarusyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Kuweýtiň, Müsüriň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Kanadanyň, Argentinanyň diplomatik missiýalarynyň, şeýle hem ÝHHG-niň, Ýewropa Bileleşiginiň we Armeniýa ösüş bankynyň wekilhanalarynyň futbol toparlary gatnaşdy. Ýaryşda birleşen we özbaşdak jemi 12 sany futbol topary çykyş etdi. Ýarymfinal duşuşyklaryna 4 topar çykyş edip, 1-nji orna BAE-niň, 2-nji orna Ermenistanyň Daşary işler ministrliginiň, 3-nji orna Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasynyň we 4-nji orna Germaniýanyň Ilçihanasynyň futbol toparlary mynasyp boldular.

                                                                        

Bäsleşigiň ýapylyş dabarasynyň dowamynda Ilçihananyň adyndan ähli ýeňijilere kuboklar we medallar, oňa gatnaşanlaryň ählisine bolsa sertifikatlar gowşuryldy. Ýapylyş dabarasynyň soňunda ähli gatnaşyjylara we myhmanlara türkmen saçagynyň duz-tagamlary hödür edildi.