Ylmy maslahat

Ýerewan şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp “Türkmenistan – 25 ýyl özgeriş we ösüş ýolunda” atly Ylmy maslahat geçirildi

 

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasy Ermenistanyň abraýly ýokary okuw jaýy Ýerewan döwlet uniwersitetiniň goldamagynda
2016-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistan – 25 ýyl özgeriş we ösüş ýolunda” atly Ylmy maslahatyny geçirdi.

Ylmy maslahatyň işine Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, Ermenistanda akreditirlenen diplomatik missiýalaryň ýolbaşçylary, diplomatlar, şeýle hem ýurduň ylmy intelegensiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Ylmy maslahaty Ýerewan döwlet uniwersitetiniň rektory A.Simonýan açyp, soňra Ermenistan Respulikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ş.Koçarýan, Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Maşalow, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi A.Grigorýan, Türkmenistandan sapar bilen gelen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekili G.Hamraýew, Ýerewan döwlet uniwersitetiniň türkologiýa kafedrasynyň müdiri A.Safarýan ylmy çykyşlary bilen söz sözlediler.

Çykyşlarda, Türkmenistanyň soňky 25 ýylda alyp baran daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmegiň esasy tapgyrlary, şeýle hem dürli ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmeklige gönükdirilen işleriň durmuşa geçirilişi barada, garaşsyzlyga eýe bolmak, geçilen ýollar, 25 ýyl özbaşdaklyk döwri içinde edilen işler giňişleýin gürrüň berlip, çykyş edenler düýpli belläp geçdiler.  

Şeýle hem Ýaşulular Maslahatynyň geçen mejlisinde mundan beýläk hem syýasy ulgamyň kämilleşdirilmegine, döwletiň we jemgyýetiň tapgyrlaýyn demokratiýalaşdyrylmagyna gönükdirilen, esasan hem, syýasy köpdülüligi we köppartiýalylygy göz öňünde tutýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasyny tassyklamak baradaky Konstitusion kanunyň kabul edilendigi bellenildi.  

Maslahatda şu ýylyň ahyrynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary tarapyndan çagyrylan we bu guramanyň Baş Assambleýasy tarapyndan goldanylan, BMG agza ähli döwletlerden, şol sanda Ermenistan Respublikasyndan ýokary derejeli wekilleriň gatnaşmagyna garaşylýan Durnukly ulag boýunça Ählumumy maslahatynyň geçirilýändigi bellenilip geçildi.

Maslahatyň soňunda onuň esasy temasy barada gyzykly gürrüňdeşlik geçirildi. Gatnaşyjylara türkmeniň baý saçagyndan dürli nygmatlar hödür edildi.

 

Ýerewan şäheri, 2016-njy ýylyň 3-nji oktýabry